SARWAN - Kids Expo 2026 sergisinde

19–22-nji awgust aralygynda Aşgabatda geçirilen Kids Expo 2026 «Çagalar üçin hemme zat» sergisinde SARWAN brendi myhmanlar üçin arassa agyz suwuny elýeterli etdi.
Serginiň dowamynda meýdançada jemi 7 sany suw nokady ýerleşdirildi. Myhmanlar islegine görä gelip, suwy mugt içip bildiler. SARWAN toparynyň meýletinçileri sergä gatnaşyjylara suw hödürlediler we her bir myhmanyň özüni rahat duýmagyna aýratyn üns berdiler.Serginiň dowamynda SARWAN brendi bilen tanyşdyrmak maksady bilen sorag-jogap görnüşinde wideo düşürilişler hem geçirildi. Çärä gatnaşanlara ýörite sowgatlar gowşuryldy.Bu başlangyç diňe bir SARWAN-yň täze önüm hökmünde tanalmagyna däl, eýsem maşgalalar üçin arassa agyz suwunyň elýeterliligine we daşky gurşawa jogapkärli çemeleşmä hem üns çekdi.Bir gezeklik plastik stakanlaryň ýörite bellenen gaplara ýygnalmagy üçin SARWAN tarapyndan aýratyn zir-zibiller hem taýýarlanyldy. Şeýlelikde, suwdan peýdalanmak bilen birlikde arassaçylyk we galyndylary dogry ýygnamak meselesine hem üns berildi.SARWAN — her maşgala üçin arassa suw we gündelik durmuşda rahatlyk.